moodle

Каспийский институт
КАСПИЙСКИЙ ИНСТИТУТ МОРСКОГО И РЕЧНОГО ТРАНСПОРТА
филиал Федерального государственного бюджетного образовательного учреждения высшего образования
"Волжский государственный университет водного транспорта"

Daşary ýurt raýatlarynyň Kaspiý institutynda bilim almaklary

Okuw

Kaspiýsk  deňiz we derýa ulaglar insitutynda  okuw ýyly  1-nji sentýabrdan  30-njy iýuna çenli dowam edýär.

Ýokary  (ÝB) we orta  hünär biliminiň (OHB) fakultetleriniň ählisinde gaýybana we gaýybana däl okuw bölümleri bar.

 

Okuwyň dowamlylygy:

 

ÝB fakulteti:

 

-         BSс/BA (bakalawr, “Transport prosesleriň tehnologiýasy” taýýarlamak ugry) 4 okuw ýyly gaýybana däl okuw bölüminde; 4,4 okuw ýyly gaýybana bölüminde;

 

-         hünärmen(hünärler: «Gämi dolandyrmak»; «Gämi energetik desgalary peýdalanmaklyk»;«Gämi elektrik enjamlary  peýdalanmaklyk we  awtomatika»)- 5 okuw ýyly gaýybana däl  okuw bölüminde; 5,2- gaýybana bölüminde.

 

OHB fakulteti:

 

-tehnik(hünärler: «Gämi dolandyrmak»; «Gämi energetik desgalary  peýdalanmaklyk»; «Gämi elektrikenjamlary peýdalanmaklyk we awtomatika»; «Gämigurluşyk»)- gaýybana  däl okuw bölüminde (9 synp bilim esasynda)- 3 okuw ýyly 10 aý; gaýybana okuw bölüminde (11 synp bilim esasynda) – 3 okuw ýyly 10 ay.

Okuw  rus dilinde  alnyp barylýar, şonuň  üçin  gowy dil taýýarlygy gerek. Rus dili taýýarlygy boýunça gerek bolan kömegi Siz Kaspiý institutynyň lingwistik  merkezinde alyp bilersiňiz.

 

Okuwa giriş

 

Kaspiý deňiz we derýa ulaglar institutynda okuwa giriş“Ýokary bilim Federal döwlet býudžet bilim edarasy “Wolžsk  döwlet  suw ulaglar uniwersitetine 2016-njy ýylda okuwa kabul ediş düzgünlerine”  laýyklykda geçirilýär, şol düzgünler bilen baş ýokary okuw jaýy bolan Wolžsk uniwersitetiniň saýtynda, şeýle-hem biziň saýtymyzyň Kabul ediş toparynyň sahypasynda tanyşyp bilersiňiz. Şol ýerde   ugurlaryň sanawyny  we dürli fakultetlerdäki giriş synaglary görüp bolýar.

 

Kabul ediş toparynaSiz aşakdaky resminamalary tabşyrmalysyňyz:

-         Okuwçynyň Wolžsk döwlet uniwersitetine okuwa kabul etmek baradaky  kesgitlenen  nusgada maglumat- arzasy;

 

Ýokary bilimiň degişli derejesine girmek üçin zerur bolan Russiýa Federasiýasynyň döwlet nusgaly bilim baradaky resminalaryna deň derejede bolan bilim baradaky resminamalary, derejesi, öwrenilen dersler we olar boýunça alnan bahalaryň görkezilmegi bilen: bakalawr, hünärmen: doly orta bilim barada şahadatnama (Bilim baradaky resminamalar diplom berilýän ýurtda  kanunlaşdyrmatertibini geçmelidir. Kanunlaşdyrma tertibi barada maglumaty resminamany berýän ýurtdaky RF-nyň ilçihanasynda ya-da «Glawekspertsentr» Federal döwlet ylmy býudžet edarasynyň saýtynda alyp bilersiňiz);

-         bilim baradaky resminamalaryň we okalan dersler boýunça bahalaryňkepillendiriji tarapyndan tassyklanan rus dilinde terjimesi;

-         daşary ýurtda alnan bilimiň deň derejeliligi barada kesgitlenen nusgadakyşahadatnama;

-         RF-da  ýaşamak  we degişli ugurda(hünär boýunça) okamak üçin  lukmançylyk ýaramazlyklaryň ýoklugy barada kesgitlenen nusgada lukmançylyk kepilnamasy(086y);

-         RF-nyň çäginde hereket edýän, AIW infeksiýasynyň  ýoklugyny tassyklaýan kepilnama(şahadtnama);

-         wizaly pasport  we migrasion kartasy;

-          6 sany 3x4 ölçegdäki surat.

 Okuw  resminamalaryň  rus dilindäki terjimesi Russiýa Federasiýasyndaky kepillendirijisi tarapyndan ýa-da resminamany beren ýurtdaky RF-niň konsullygy ýa-da ilçihanasy tarapyndan tassyklanmalydyr. Daşary ýurtlaryň bilim we ylym derejeleri baradaky resminamalary bellenen tertipde ykrar etme düzgünini we  deň derejliligi kesgitlemek tertibini geçmelidir (doly maglumatlar şu salgyda www.nice.gov.ru).

AIW barlagy we lukmançylyk kepilnamasyny diňesuw ulaglary işgärleri üçin ýöriteleşdirilen lukmançylyk edarasynda geçmeli we almaly (Astrahan ş., Zawodskaýa meýdançasy,17).

Institut goşmaça maglumatlary talap etmäge haklydyr.

 

Wiza çakylygy.

 

Giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran we okyjylaryň sanawyna goşmaga hödür edilen ýagdaýňyzda okuw wizasy boýunça RF-na girmek üçin Size KDDUI-niň çakylyk hatyny resmileşdirmek gerek. Şol çakylyk hatyny almak üçin Siz halkara aragatnaşyklar bölümine(elin,poçta,e-mail arkaly) Halkara aragatnaşyklar bölümine aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

-doldurylan maglumat- arza;

-okamaga dalaşgäriň maglumatnamasy;

-pasportyňyzyň birinji we ikinji sahypalarynyň nusgalary.

 

Siziň tabşyran resminamalaryňyza seredilenden soň, Halkara aragatnaşyklar bölümi şol  Federal migrasion gullygynyň edaralaryna hödürlemek üçin gerekli resminamalary taýýarlar we FMG-dan RF-na girmek üçin çakylygy alandan soň Size ugradar.

Öz ýurduňyzdaky Russiýanyň ilçihanasynda wiza resmileşdirilmeginiň tertibi bilen öňünden tanyş bolmagyňyzy haýyş edýäris. Çakylyk haty azyndan 45 güniň dowamynda resmileşdirilýär,şonuň üçin görkezilen resminamalary Halkara aragatnaşyklar bölümine mümkin bolan tiz wagtyň ozünde tabşyrmaly.

 

 

Okuw üçin şertnamany baglaşmak

 

KDDUI-da okamak üçin şertnama giriş synaglardan üstünlikli geçilenden soň  resmileşdirilýär we talyplaryň  sanawyna girizmekden öň bolýar.

 

Siziň çykdaýjylaryňyz aşakdakylardan ybarat bolar:

 

-rus dilini we hünär dersleri okatmak üçin taýýarlyk okuwlary (zerur bolan halatynda);

-saýlanan ugur (hünär) boýunça  okuw tölegi;

-talyplar umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamak üçin töleg;

-AIW (AIDS) üçin barlagy we lukmançylyk kepilnamasy üçin töleg;

-lukmançylyk  ätiýaçlandyrma ýa-da lukmançylyk hyzmatlary barada şertnama.

 

Şeýle hem, Siz aşakdakylar üçin çykdaýjy edersiňiz.

 

-bilim  baradaky resminamanyň ekspertizasy;

-bilim baradaky resminamalaryň terjimesi (şol hyzmatlar üçin tölegler barada maglumatlar üçin Glawekspertsentrine ýüz tutuň)

 

KDDUI-niň  kitaphanalarynda  kitaplardan peýdalanmak mugtdyr.